Russiýanyň iri «Ozon» marketpleýsiniň saýtynda we mobil goşundysynda eltip bermek hyzmaty bolan şäherleriň hatarynda Aşgabat peýda boldy. Türkmenistanyň paýtagtyndan bolan alyjylar üçin harytlaryň bahalary ABŞ-nyň dollarynda görkezilýär.

Häzirki wagtda şäher diňe eltip berme salgysy hökmünde goşuldy — sargytlary kabul etmek we bermek üçin doly göwrümli düzümler entek taýýarlyk tapgyrynda dur.
Aşgabadyň poçta bölümlerinden alnan maglumata görä, ýakyn wagtda marketpleýsden gelýän posylkalary kabul edip başlamak meýilleşdirilýär. Başlangyç tapgyrda sargytlar paýtagtyň poçta bölümleri arkaly gowşurlar. Geljekde bolsa sargytlary alyjynyň salgysyna çenli eltipberiji arkaly eltip bermek meselesine seredilýär.
«Ozon» Russiýanyň iň iri marketpleýsleriniň biri bolup, GDA-nyň birnäçe ýurdunda iş alyp barýar. Platforma harytlaryň giň görnüşine — elektronika, eşiklere, öý hojalyk harytlaryna we beýleki köp sanly önümlere elýeterliligi üpjün edýär.
Türkmenistanda bu hyzmatyň doly güýjünde işläp başlamaly resmi senesi entek yglan edilmedi. Düzümler doly taýýar bolandan soň, kompaniýa tarapyndan resmi habaryň berilmegine garaşylýar.