Türkmenistanyň şu ýylyň iýun aýynda Baku şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýada täzelenýän energiýa boýunça çaltlandyrylan hyzmatdaşlyk» («APRECA») atly maýa goýum forumyna işjeň gatnaşmagy sebitdäki energetika geçişiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça dialogy baýlaşdyrar we maýa goýum taslamalarynyň emele gelmegine ýardam eder. Bu barada Halkara täzelenýän energiýa agentligi (International Renewable Energy Agency) guramasynyň döwletler we hyzmatdaşlyk boýunça direktory Gurbuz Gonulyň sözlerine salgylanyp , «Trend» habar berdi.
Gurbuz Gonulyň sözlerine görä, «APRECA» maýa goýum forumy 2026-njy ýylyň iýunynda Azerbaýjan döwletinde, «Baku Energy Week» hepdeliginiň çäginde geçiriler. Forumda hökümet wekilleri, maýa goýujylar we taslama işläp düzüjiler bir ýere ýygnanyp, Merkezi Aziýanyň ähli sebitinde gaýtadan dikeldilýän energiýa taslamalaryny öňe sürmek we elektrik geçiriji ulgamlary döwrebaplaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.
Türkmenistanyň täze ilçisi Baýram Baýramow bilen IRENA-nyň baş direktory Françeski La Kameranyň arasynda geçirilen duşuşykda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we geljekde hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitlemek meseleleri maslahatlaşyldy.
G.Gonul taraplaryň ikisiniň hem IRENA-nyň sebit başlangyçlarynyň, aýratyn-da, «APRECA-nyň» çäginde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhümdigini tassyklandygyny we Türkmenistanyň bu maksatnama tiz wagtda goşulmagyna garaşýandyklaryny aýtdy.
Onuň bellemegine görä, häzirki wagtda Türkmenistanyň energetika ulgamy, esasan, adaty energiýa çeşmelerine bagly, emma ýurduň täzelenýän energiýa boýunça uly mümkinçiligi bar.
«Türkmenistanda ýylda, takmynan, 300 güneşli gün bolýar we Merkezi Aziýada iň ýokary gün radiasiýasy derejesiniň biri bar. Şeýle hem ýel energiýasynyň mümkinçilikleri hem uly: hasaplamalara görä, ýurduň çäginiň, takmynan, 40 göterimi ýel energetikasyny ösdürmek üçin amatlydyr» diýip, ol düşündirdi.
G.Gonul bu tebigy artykmaçlyklaryň Türkmenistanyň uzak möhletli sebit energetika geçişinde has işjeň rol oýnamagyna, geljekki talaby üpjün etmäge we Merkezi Aziýanyň energetika deňagramlylygyny diwersifikasiýa etmäge mümkinçilik berýändigini aýtdy.
Şeýle hem ol IRENA-nyň sebit maksatnamalarynyň çägindäki häzirki we meýilleşdirilýän başlangyçlar barada aýdyldy. Bu başlangyçlar kadalaşdyryjy binýady güýçlendirmäge, maýa goýumlara taýýarlygy ýokarlandyrmaga we serhetara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.
G.Gonul Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagynyň sebit energetika ulgamlarynyň diwersifikasiýasyna we energetika howpsuzlygynyň ýokarlanmagyna uly goşant goşup biljekdigini belledi.