2026-njy ýylyň 23-nji martynda irden Türkmenistandaky Pakistanyň ilçihanasynyň çäginde Pakistanyň Milli güni mynasybetli, döwlet baýdagyny galdyrmak dabarasy geçirildi.
Çärä pakistan diasporasynyň wekilleri, türkmen telekeçileri, şeýle hem ilçihananyň işgärleri we resmi wekilleri gatnaşdylar.
Dabara Mukaddes Gurhanyň okalmagy bilen başlandy. Pakistanyň Türkmenistandaky ilçisi, doktor Farýal Legari ýurduň milli senasynyň sazynyň astynda döwlet baýdagyny dabaraly ýagdaýda galdyrdy. Çäräniň dowamynda ilçi Pakistanyň Prezidentiniň we Premýer-ministriniň ýüzlenmelerini hem okady.