Turkmenportal logo
Düýn 23:26
31603160
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna täze rektor bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Begli Baýrammyradowiç Ataýewi Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesine bellemek hakyndaky resminama gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ýeri gelende bellesek, 2026-njy ýylyň 13-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bu ýokary okuw mekdebiniň rektory Batyr Meretdurdyýewiç Mämmedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellenipdi.