Turkmenportal logo
Düýn 23:35
25692569
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Galkynyş» gaz käniniň 4-nji tapgyryny özleşdirmek işlerine badalga berildi

Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, we türkmen tebigy gazynyň çykarylyşyny artdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti resminama gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminama laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konsernine «Galkynyş» gaz käniniň 4-nji tapgyrynyň çäginde ýylda 10 müň milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany we şol möçberde harytlyk gazy taýýarlamak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny taslamalaşdyrmak we doly taýýar edip, gurmak barada Hytaý Halk Respublikasynyň «Amudarya» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.