Turkmenportal logo
Şu gün 11:50
60766076
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda TSTB-niň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy

17-nji martda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy. Ertir, 18-nji martda şol ýerde «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlary» atly halkara forum öz işine başlar.

Serginiň açylyşyna Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, daşary ýurt kompaniýalarynyň, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdy.

Sergä ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şol sanda ýurduň hususy pudagyna wekilçilik edýän 200-den gowrak kompaniýa gatnaşýar. Sergi 19-njy martda çenli dowam eder we telekeçiligiň gazananlaryny görkezmek, şeýle hem täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin meýdança bolup hyzmat eder.

Halkara forum işewürlik gün tertibini dowam etdirip, maýa goýumlaryny çekmek, hususy pudagy ösdürmek we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine ünsi çeker. Çäräniň çäklerinde işewürlik duşuşyklary, taslamalaryň tanyşdyrylyşy hem-de ykdysady ösüşiň geljegi uly ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy meýilleşdirilýär.

Serginiň we forumyň geçirilmegi TSTB-niň 18 ýyllygyna bagyşlanyp, ýurtda telekeçiligiň ykdysadyýetdäki ornuny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir.