Turkmenportal logo
Şu gün 11:25
46524652
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda Nowruz baýramy mynasybetli şäherara ugurlar boýunça goşmaça awtobus gatnawlary ýola goýlar

Türkmenistanda 21 — 22-nji martda belleniljek Halkara Nowruz baýramy mynasybetli, belli şäherara ugurlar boýunça goşmaça awtobus gatnawlary ýola goýlar:

Aşgabat — Türkmenbaşy;

Aşgabat — Mary;

Aşgabat — Baýramaly;

Aşgabat — Ýolöten.

Aşgabadyň ýolagçy awtoulag kärhanasynyň saýtynda habar berlişi ýaly, goşmaça awtobus ugurlary baýramçylyk günlerinde ulag hyzmatynyň bökdençsizligini üpjün etmek maksady bilen girizilýär.

Petekleri «Awtokombinat» dispetçerlik nokadynyň kassalaryndan, Aşgabadyň Halkara awtomenzilinden, paýtagtyň demir ýol menzilinden, şeýle hem onlaýn satyn alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

 +993 (61) 49‑34‑95;

 44‑35‑30;

 44‑35‑20.