Eýranyň ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani Türkmenistana beren ynsanperwer kömegi üçin minnetdarlyk bildirip, Aşgabadyň Tähran üçin sebitdäki iň möhüm hyzmatdaşlaryň biridigini belledi.
«Biz Türkmenistany sebitdäki iň möhüm hyzmatdaşlaryň biri hasaplaýarys» diýip, diplomat Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda geçirilen brifingde aýtdy.
Ruzbehani iki döwletiň arasynda 1200 kilometrlik umumy serhediň bardygyny we onda dört sany esasy serhet geçelgesiniň işleýändigini ýatlatdy. Onuň sözlerine görä, bu geçelgeler hem ikitaraplaýyn gatnaşyklar, hem-de tutuş sebit üçin strategik ähmiýete eýedir. «Bu geçelgeler Merkezi Aziýa üçin hem, tutuş dünýä üçin hem möhümdir, sebäbi ýük akymynyň esasy bölegi şolaryň üsti bilen geçýär» diýip, ilçi nygtady.
Diplomat Eýranyň raýatlarynyň daşary ýurtlardan yzyna dolanmagyny üpjün etmekde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny aýratyn belledi. «Eýranyň raýatlary goňşy ýurtlary Watana dolanmak üçin iň elýeterli ýol hökmünde görýärler. Bu babatda Türkmenistan bize uly kömek berdi» diýip, ol belledi.
Ruzbehaniniň aýtmagyna görä, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar hoşniýetli goňşuçylygyň nusgasy bolup hyzmat edýär, dürli ugurlardaky özara hereketler bolsa dostluk we hyzmatdaşlyk ruhunda ösýär. Iki ýurduň hökümetleri hem serhediň kadaly tertipde işlemegi üçin tagalla edýärler.
Ýatlap geçsek, mundan ozal Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Eýran halkyna, ilkinji nobatda bolsa çagalara ynsanperwer kömegi iberilipdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, bu kömegiň düzümine derman serişdeleri, lukmançylyk maksatly önümler we beýleki harytlar giripdi.