«Azerbaijan Caspian Shipping Company» («ASCO») ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gämileri TOPH (Türkmenistan– Owganystan — Pakistan — Hindistan) gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin niýetlenen turbalary daşaýar. Bu barada «Report» «ASCO» kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.
Ýük daşamak işi Bakuwyň deňiz portundan Türkmenbaşy halkara deňiz portuna çenli amala aşyrylýar. Turbalary daşamaga «ASCO-nyň» «Natavan», «Rasul Rza», «Garadag», «Teýmur Ahmedow» we «Maestro Niyazi» atly köpugurly gury ýük gämileri gatnaşýar.
Ýylyň ahyryna çenli ady agzalan gämiler arkaly 11 700 sany turbanyň Türkmenistana getirilmegi meýilleşdirilýär.