Türkmenistanyň ägirt uly tebigy baýlyklaryna esaslanýan himiýa senagatynyň tebigy gazy hem-de mineral serişdeleri çuňňur gaýtadan işlemek strategiýasy içerki zerurlyklary kanagatlandyrmak bilen bir hatarda, himiýa önümlerini daşarky bazarlara çykarmaga-da mümkinçilik berýär.
Himiýa senagaty kärhanalaryny öz içine alýan «Türkmenhimiýa» döwlet konserni pudagyň şu günüň talaplaryna laýyk gelmegi üçin, ilkinji nobatda, iri döwrebap kärhanalary gurmak, bar bolan önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak babatda toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirýär.
Himiýa senagatyny döwrebaplaşdyrmagyň ileri tutulýan ugry mineral dökünleriň önümçiligini giňeltmekdir. Häzirki zaman senagat kärhanalarynyň işe girizilmegi bilen, Türkmenistan azot, fosfor we kaliý dökünleriniň önümçiligini ep-esli artdyryp, ýerli oba hojalyk pudagynyň zerurlyklaryny doly kanagatlandyrýar. Bu giň gerimli çemeleşme diňe bir oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, eksportyň geografiýasyny yzygiderli giňeltmäge-de mümkinçilik berýär.
Hazar deňzindäki gidromineral çig malyň özboluşly ýataklaryny özleşdirmek milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmagyň esasy ugry bolup durýar. Bu ýerde ýod, brom we brom önümleri, derman senagatynda, elektronikada, beýleki pudaklarda giňden ulanylýan dürli görnüşli duzy öndürýän täze, döwrebap önümçilik desgalaryny gurmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Öňdebaryjy ekstraksiýa we arassalaýyş tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy arassa düzümli önümleri öndürmäge mümkinçilik berip, türkmen himiýa önümleriniň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny şertlendirýär.
Ýurtda döredilýän innowasion kärhanalar mawy ýangyçdan dürli görnüşli polimer önümleri, şol sanda polietilen we polipropilen öndürmäge mümkinçilik berýär.
Ýurduň himiýa senagatyny halkara derejede ösdürmek maksady bilen, döwlet tarapyndan uly maýa goýum serişdeleri goýberilýär. Bu barada TDH habar berýär.