Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynň Beýik Lideri Aýatolla Seýed Mojtaba Hameneýä Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik Lideri wezipesine saýlanmagy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri mümkinçilikden peýdalanyp, Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik Liderine berk jan saglyk, şeýle hem Eýranyň halkynyň parahatçylygynA hem-de gülläp ösüşine gönükdirilen başlangyçlarynda we işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.