Turkmenportal logo
Şu gün 17:04
38433843
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň we Gazagystanyň ÝOM-lary halkara reýtinglere girmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetiniň (Gazagystan Respublikasy) professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

TDU-nyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşyk hyzmatdaşlyk we özara kömek bermek baradaky ähtnamanyň çäginde guraldy.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar öz ýokary okuw mekdepleriniň halkara bilim reýtinglerine girmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersiteti dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň hataryna girýär we «QS World University Rankings 2025» reýtinginde 321-nji orny eýeleýär.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bolsa 2025-nji ýylda abraýly «Impact Rankings 2025» global reýtingine, 2026-njy ýylda bolsa «habarçy» derejesi bilen «THE World University Rankings 2026» sanawyna girizildi.