Belgiýanyň döwlet ministri Şarl Mişel we onuň aýaly Ameli Derbodrangen Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçihanasynyň myhmany boldular. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk, Türkmenistan bilen Belgiýanyň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmegiň mümkinçilikleri barada netijeli pikir alşyldy. Şeýle-de Şarl Mişeliň ÝB-niň Merkezi Aziýa bolan gyzyklanmasyny güýçlendirmekde, aýratyn-da, integrasiýa we strategik hyzmatdaşlyk ugurlarynda alyp baran işleri aýratyn nygtaldy.
Mundan başga-da, ilçi Sapar Pälwanow myhmanlary Türkmenistanyň baý medeni mirasynyň käbir aýratynlyklary bilen tanyşdyrdy.