Turkmenportal logo
Şu gün 10:28
79267926
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň wekilleri Hytaýyň Milli muzeýine baryp gördüler

Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiň 9-njy mejlisine gatnaşan Türkmenistanyň wekiliýeti Pekin şäherindäki Hytaýyň Milli muzeýine baryp gördi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berlişi ýaly, türkmen wekilleri bu ýerde Hytaý senanamasyna görä «At ýylyna» bagyşlanan ýörite sergi bilen tanyşdylar. Bu sergi Hytaý siwilizasiýasynyň ösüşinde atyň taryhy ornuny şöhlelendirýär.

Ýolbelet Ýewraziýa halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmeginde atçylyk medeniýetiniň ähmiýetini aýratyn nygtady. Bu nukdaýnazardan, türkmen halkynyň atçylyk däpleri bilen taryhy meňzeşliklere aýratyn orun berildi. Merkezi Aziýanyň iň oňat bedewleriniň gadymy döwürlerden bäri gözelligi, çydamlylygy we çaltlygy bilen ýokary bahalanandygy bellenildi. Bu baradaky gürrüňler Türkmenistanyň milli baýlygy bolan, nepisligi, asyllylygy we gaýtalanmaz çydamlylygy özünde jemleýän ahalteke atlarynyň dünýä ýüzündäki şöhraty bilen utgaşdy.

Ýöriteleşdirilen sergiden soňra, Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýyň Milli muzeýiniň ýurduň gadymy taryhyna bagyşlanan hemişelik bölümleriniň birnäçesi bilen hem tanyşdy. Hytaýyň irki taryhy ýadygärlikleri, gadymy keramika nusgalary, bürünçden ýasalan dabaraly gaplar, daşdaky ýazgylar, şeýle hem Sin eýýamyna degişli terrakota figuralary we atyň şekili wekillerde uly gyzyklanma döretdi.

Muzeýe bolan bu gezelenç türkmen wekiliýetiniň Pekindäki medeni maksatnamasynyň möhüm bölegi bolup, Hytaýyň baý taryhy-medeni mirasy bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi.