Turkmenportal logo
Şu gün 12:14
57535753
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Täjigistan Duşenbede hökümetara iş toparynyň mejlisini geçirýärler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň on dördünji mejlisine gatnaşmak üçin Duşenbe şäherine geldi.

Wekiliýeti Duşenbe şäheriniň halkara howa menzilinde Täjigistanyň Premýer-ministriniň orunbasary Sulaýmon Ziýozoda we beýleki resmi adamlar garşyladylar — diýip, khovar.tj saýty habar berýär.

Türkmen-täjik hökümetara toparynyň on dördünji mejlisi 3-4-nji martda Täjigistanyň paýtagtynda geçirilýär. Gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek, döwletara gatnaşyklaryny giňeltmek we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny üns bermek ýaly meseleler girýär.