Turkmenportal logo
Şu gün 15:19
1097710977
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Eýrandan gelýän russiýalylar üçin üstaşyr ugry yglan etdi

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy häzirki ýagdaý bilen baglylykda Eýrandan gaýdýan we göni uçuşlardan peýdalanyp bilmeýän Russiýa Federasiýasynyň raýatlary üçin üstaşyr geçiş tertibi barada habar berdi.

Türkmenistanyň çägine girmek diňe eýran-türkmen serhedindäki «Sarahs» gözegçilik-geçiriş nokady arkaly mümkindir.

Geçişi ylalaşmak üçin raýatlar resminamalar toplumyny öňünden Russiýanyň Tährandaky diplomatik wekilhanasyna rusembiran@mid.ru salgysy boýunça ugratmalydyrlar. Topluma şular girýär: gözegçilik-geçiriş nokadyna geljek anyk senesi, ähli çykýanlaryň (çagalary hem goşmak bilen) doly maglumatlary we doglan seneleri, daşary ýurt pasportlarynyň reňkli nusgalary, Türkmenistandan uçuş reýsini görkezmek bilen indiki ewakuasiýa ugry, şeýle hem petekleriň nusgalary ýa-da öňünden edilen sargydyň tassyknamasy.

Russiýanyň Tährandaky wekilhanasynyň gyssagly habarlaşmak üçin telefon belgileri: +98-21-6670-1161/63, +98-993-814-7226.

Aşgabatda wagtlaýyn ýerleşmek diňe «Aşgabat» we «Sport» myhmanhanalarynda göz öňünde tutulandyr. Türkmenistanyň çägindäki meseleler boýunça Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasyna ýüz tutmaly: +993-61-98-11-68.