Turkmenportal logo
Düýn 17:38
86568656
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
PSŽ – «Çelsi», «Real» – «Man Siti»: Çempionlar ligasynyň bije çekişligi

UEFA Çempionlar ligasynyň häzirki ýeňijisi Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» topary 1/8 finalda iňlisleriň «Çelsi» topary bilen duşuşar. Tapgyryň iň uly seslenme döredýän beýleki duşuşygy bolsa iňlisleriň «Mançester Siti» kluby bilen ispanlaryň «Real» klubynyň arasyndaky oýun bolar. Bu barada anna güni Şweýsariýanyň Nýon şäherinde, Ýewropa futbol birleşiginiň ştab-kwartirasynda geçirilen bije çekişligiň netijelerinden belli boldy.

1/8 finalyň doly jübütleri şu görnüşdedir:

  • «Pari Sen-Žermen» (Fransiýa) – «Çelsi» (Angliýa)

  • «Galatasaraý» (Türkiýe) – «Liwerpul» (Angliýa)

  • «Real Madrid» (Ispaniýa) – «Mançester Siti» (Angliýa)

  • «Atalanta» (Italiýa) – «Bawariýa» (Germaniýa)

  • «Nýukasl» (Angliýa) – «Barselona» (Ispaniýa)

  • «Atletiko Madrid» (Ispaniýa) – «Tottenhem» (Angliýa)

  • «Budýo-Glimt» (Norwegiýa) – «Sporting» (Portugaliýa)

  • «Baýer Lewerkuzen» (Germaniýa) – «Arsenal» (Angliýa)

1/8 finalyň ilkinji duşuşyklary 10–11 martda, jogap oýunlary bolsa 17–18 martda geçiriler. Ýaryşyň finaly 30-njy maýda Wengriýanyň Budapeşt şäherindäki «Puškaş Arena» stadionynda bolar.

Geçen möwsümde «Pari Sen-Žermen» öz taryhynda ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy.