1-nji martdan başlap, Aşgabat – Ýolöten ugry boýunça her gün awtobus gatnawy amala aşyrylar. Bu barada «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk paýdarlar jemgyýeti habar berdi.
Awtobus Aşgabatdan her gün sagat 13:00-da Atamyrat Nyýazow şaýolynda ýerleşýän «Awtokombinat» awtomenzilinden ugrar. Ýolöten şäherinden bolsa awtobus sagat 09:00-da hereket edip başlar.
Goşmaça maglumatlary +99361-49-34-95 we 44-35-20 telefon belgileri arkaly alyp bilersiňiz.