«Bütindünýä saglygy goraýyş çygrynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog» atly halkara okuw maslahaty öz işine tamamlady. Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen halkara çäre ýylyň taryhy wakalarynyň üstüni ýetirdi. Onuň dowamynda halkara maslahatyna gatnaşyjylara degişli Güwänamalar gowşuryldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Garaşsyz Türkmenistan halkara düzümleri şol sanda BSGG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Şeýle-de okuw maslahatynda ilatyň saglygyny goramak we bu düzümleriň häzirki zamanyň ösen tejribesini hem-de täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýurduň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigi bellenildi.
Aşgabatda öz işini tamamlan «Bütindünýä saglygy goraýyş çygrynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog» atly halkara okuw maslahatyna gatnaşyjylar bu forumyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
«Bütindünýä saglygy goraýyş çygrynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog» atly halkara okuw maslahatyna gatnaşyjylara degişli Güwänamalaryň gowşurylmagy forumyň çäklerinde meýilleşdirilen ähli çäreleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny has aýdyňlygy bilen subut etdi.