Turkmenportal logo
Düýn 13:46
1394013940
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ABŞ-nyň ilçisi: türkmen diplomatlary hünär ussatlygynyň nusgasy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud Türkmenistanyň diplomatik işgärlerini olaryň hünär baýramy — Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bilen gutlady.

Ilçi öz gutlagynda Türkmenistanyň parahatçylygy berkitmekde we beýleki döwletler bilen goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmekde goşan goşandyny aýratyn belledi: «Diplomatiýa çäkleri aşyp, köprüler gurmaga mümkinçilik berýän ussatlygy we başarnygy talap edýär. Türkmen diplomatlary bu häsiýetleriň nusgasyny her gün görkezýärler» — diýip, Elizabet Rud nygtady.

Ol ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklara ýokary baha berip, amerikan we türkmen diplomatlarynyň umumy meseleleri çözmekde we ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde bilelikde iş alyp barýandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, berk diplomatik gatnaşyklary söwda, energetika hyzmatdaşlygy we sebit howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ygtybarly binýady döredýär.

Gutlagyny jemlemek bilen, Elizabet Rud Türkmenistanyň ähli diplomatik işgärlerine, şeýle hem ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasyndaky kärdeşlerine halkara gatnaşyklarynyň gülläp ösmegi ugrunda edýän gündelik zähmeti üçin minnetdarlyk bildirdi.