Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara giňişlikde gazanan nobatdaky üstünligine bagyşlanan dabara guraldy.
Ozal habar berşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň ilkinji aýynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýa sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalar gowşuryldy.
«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, toparyň agzalary, ilki bilen, şäheriň Uzboý köçesiniň ugry bilen «Türkmeniň ak öýi» binasyna tarap guralan ýörişe gatnaşdylar. Şäheriň «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkeziniň öňünde bolsa myhmanlara welaýatyň döredijilik-tans toparlarynyň gelnalyjy toý däp-dessurynyň berjaý edilişi görkezildi.
Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň öňünde duz-çörekli garşylanylan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bu ýerde balkanly sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlaryna tomaşa etdiler. Şeýle hem welaýatyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň edebi-sazly kompozisiýasy we «At çapar» sazynyň astynda «Dehistan», «Dagdan», «Misserian», «Bagtyýarlyk», «Balkan» tans toparlarynyň çykyşlary boldy. Muzeýiň girelgesinde guralan sergi ony synlanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň garşylanyşy soňra Balkanabat şäheriniň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde guralan dabara bilen dowam etdi. Binanyň sahnasynda şowhunly çykyşlar giň gerimde ýaýbaňlandyryldy.
Şeýle hem «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlary balkanabatlylar tarapyndan şowhunly we dabaraly el çarpyşmalar bilen garşylandy diýlip, habarda bellenilýär.
Dabaralar tamamlanandan soňra, Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň köpçülikleýin dabaralar geçirilýän ýerinde toý sadakasy berildi.
Ýeri gelende belläp geçşek, 2025-nji ýylda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolupdy.