Turkmenportal logo
Şu gün 12:27
67896789
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ilçisi Flamand hökümetiniň Täze ýyl kabul edişligine gatnaşdy

Türkmenistanyň ilçisi Sapar Pälwanow Flamand hökümeti tarapyndan diplomatik korpus üçin guralan Täze ýyl kabul edişligine gatnaşdy. Ilçihananyň sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berlişi ýaly, çäre Flandriýanyň ministr-başlygy Matias Dipendaleniň adyndan geçirildi.

Kabul edişligiň çäklerinde ilçi Flamand hökümetiniň Baş sekretary Juli Baýnens bilen duşuşyp, ony Täze ýyl bilen gutlady we gepleşikler geçirildi. Çäre däp bolan ýakymly ýagdaýda geçip, diplomatik korpusyň wekilleriniň arasynda resmi däl pikir alyşmalar üçin meýdança bolup hyzmat etdi.

Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Begjanowiç Pälwanow, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Niderlandlar Patyşalygyndaky we Lýuksemburg Beýik Gersoglygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisidir.