Türkmenistanyň çagalarynyň we ýetginjekleriniň arasynda küşt boýunça çempionatynda rapid we blis görnüşleri boýunça bäsleşikler tamamlandy, şolarda ýaş küştçiler jemi 72 medal ugrunda ýaryşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Küşt federasiýasy habar berdi.
Ýaryşyň nusgawy tapgyry 30-njy ýanwarda tamamlandy. Bäsleşiklerde iň uly üstünliklere Lebap welaýatyndan Jahan Rejepowa hem-de «Küşt Älemi» akademiýasyna wekilçilik edýän Nurana Söýünowa mynasyp boldy. Olar degişlilikde 16 ýaşa çenli we 14 ýaşa çenli gyzlar toparlarynda nusgawy, rapid we blis görnüşleriniň ählisinde altyn medallary gazandylar.
Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinden Aly Ahmedow nusgawy we rapid görnüşlerinde iki altyn medalyň eýesi boldy.
Umumy toparlaýyn hasapda Lebap welaýatynyň topary ýeňiji boldy. Ikinji orny Mary welaýatynyň wekilleri eýeledi, üçünji orun bolsa «Küşt Älemi» akademiýasy bilen Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebi tarapyndan paýlaşyldy.
Baýraklara eýe bolanlaryň arasynda Mary welaýatyndan Jennet Ýalkanowa iki altyn medal bilen, şeýle-de Lebap welaýatyndan Mähri Agamyradowa üç kümüş medal bilen tapawutlandy.