Ankara bilen Kars şäherleriniň arasynda gijeki otlyda amala aşyrylýan syýahat Türkiýäniň iň meşhur syýahatçylyk ugurlarynyň birine öwrüldi — diýip, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet we syýahatçylyk bölümi habar berýär.
«Syýahatçylyk Gündogar Ekspressi» Türkiýäniň paýtagty bilen Gündogar Anadolynyň merjeni hasaplanýan Kars şäheriniň arasynda hepdede üç gezek otly gatnawyny amala aşyrýar. Takmynan 24 sagat dowam edýän bu syýahat ýolagçylara gar bilen örtülen Anadolynyň düzlüklikleriniň we daglarynyň täsirli görnüşlerini, ýatakly amatly kupeleri hem-de gyzykly gezelençler üçin öňünden meýilleşdirilen duralgalary hödürleýär.
Jahankeşdelik ugry Kyrykkale, Kaýseri, Siwas, Erzinjan we Erzurum şäherlerinden geçýär. Ankara–Kars ugrunda otly Erzinjanda we Erzurumda, yzyna gaýdylýan wagtda bolsa Iliçde, Diwrigide we Siwasda saklanýar. Bu bolsa ýolagçylara sebitiň tebigy we taryhy gözel ýerleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.
Türkiýäniň aýratyn isleg bildirilýän demir ýol ugruna petekler çalt satylyp gutarýandygy sebäpli, öňünden sargyt etmek zerurdyr. Petekleri onlaýn görnüşde hem satyn almak bolýar.
Jahankeşdelik ugrunyň soňky nokady bolan Kars şäheri baý taryhy, gyşky görnüşleri we sebit aşhanasy bilen giňden tanalýar. Şäheriň golaýynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen gadymy Ani şäheriniň harabalyklary ýerleşýär. Bu şäher bir wagtlar «1001 ybadathanaly şäher» hökmünde meşhur bolupdyr.
Sebitiň tebigy gözel ýerleriniň arasynda Sarýgamyş dag-lyža dynç alyş zolagy hem-de gyş möwsüminde doly doňup galýan Kars bilen Ardahan welaýatlarynyň serhedinde ýerleşýän Çyldyr köli bar. Syýahatçylar at goşulan gyş arabalarynda doňan kölüň üstünde gezelenç edip, buzy deşip, karp balygyny tutýan balykçylary synlap bilerler.