Türkmenistanyň GDA-nyň edaralaryndaky başlyklyk etmegine bagyşlanan sergi Minsk şäherinde ýerleşýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň eýwanynda açyldy. Sergi Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Belarus Respublikasynyň Prezident kitaphanasynyň hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň işgärleri bilen bilelikde taýýarlanyldy – diýip, Prezident kitaphanasynda habar berdiler.
Ekspozisiýa türkmen medeniýetiniň baýlygyny hem-de onuň ýurduň häzirki zaman üstünlikleri bilen sazlaşygyny görkezýär. «Reňklere, taryha we innowasiýalara baý bolan bu sergi myhmanlarda iň ýakymly täsirleri galdyrar» – diýip, kitaphanada nygtadylar.
2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň edaralaryndaky başlyklyk etme Täjigistandan Türkmenistana geçdi. Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolup durýar. Mundan ozal biziň ýurdumyz Arkalaşygyň edaralaryna 2019-njy ýylda başlyklyk edipdi.
Şu ýylyň 29-njy ýanwarynda Minsk şäherinde ýerleşýän GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetinde Türkmenistanyň başlyklygynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Arkalaşygyň tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky hemişelik doly ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň şu ýyl üçin ilkinji mejlisi geçirildi.