Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 20–21-nji aprel aralygynda onlaýn görnüşinde geçiriljek «IT-Intellekt: Sanly Test – 2026» atly hakaton bäsleşigine taýýarlyk görýär.
Şu mynasybetli ýokary okuw mekdebi Türkmenistanyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny gatnaşmaga çagyrýar.
Hakaton bäsleşigi şahsy we toparlaýyn bäsleşikler görnüşinde geçiriler. «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, her okuw mekdebinden üç talypdan ybarat bir topar gatnaşyp biler.
Bäsleşige gatnaşmak isleýänler 6-njy aprele çenli bellenen nusga boýunça sowalnamany dolduryp, sedahojayev06@gmail.com elektron poçta salgysyna ibermelidirler.
Hakatonyň geçirilmegi barada goşmaça maglumatlary institutyň resmi internet sahypasyndan, şeýle hem +993 62 66-55-47 telefon belgisi arkaly alyp bolýar.