Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy mynasybetli, şu gün Arkadag şäherinde dabaraly çäreler geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Dabara Gökdepe şaýoly bilen Akhan şaýolunyň çatrygynda ýerleşýän döwrebap köpriniň üstünde başlandy. Soňra dabara gatnaşyjylar şaýol arkaly Taýçanak binasyna tarap ugradylar. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bu ýerden atly ýöriş arkaly Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine tarap ýola düşdüler. Ol ýerde topary ýaşulylar, halypa atşynaslar we eneler garşyladylar hem-de mynasyp bolan nobatdaky üstünlikleri bilen gutladylar.

Soňra dabara gatnaşyjylar Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň eýwanynda guralan sergini synladylar. Şanly waka mynasybetli guralan dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň mazmunly çykyşlaryna, aýdym-sazlara giň orun berildi.


Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.