Turkmenportal logo
Düýn 15:52
85888588
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Türkiýäniň söwda dolanyşygy 2 milliard dollara golaýlady

2025-nji ýylyň 11 aýynyň dowamynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda dolanyşygy, takmynan, 2 milliard ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok 28-nji ýanwarda Aşgabatda geçirilen metbugat maslahatynyň dowamynda habar berdi.

Diplomat Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň özara bähbitlilik esasynda ähli ugurlarda ösýändigini belledi. Iki taraplaýyn gatnaşyklarda gazanylan depgin söwda-ykdysady hyzmatdaşlykda hem öz beýanyny tapýar.

«Biziň ýurdumyz Türkmenistanyň iň iri söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar» diýip, ilçi nygtady.

A.Demirok Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn söwdanyň mümkinçiliginiň has ýokarydyygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygy ýakyn geljekde has-da artar we 5 milliard dollarlyk umumy maksada doly ýetip bolar.

Ilçi öňümizdäki sergileriň we bilelikdäki ykdysady çäreleriň iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň ösmegine uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.