Turkmenportal logo
Şu gün 09:00
63306330
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda Watan goragçylarynyň güni bellenildi
Surat: Surat: Türkmenmetbugat

27-nji ýanwarda Türkmenistanda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli dabaralar geçirildi. Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, serkerdeleriniň, harby gullukçylarynyň, harby talyplarynyň hem-de harby okuwçylaryň gatnaşmagynda şanly senäniň hormatyna geçirilen çäreler baý many-mazmuna eýe boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Dabaralar Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen harby mekdebinde ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline soňra Aşgabatdaky «Halk hakydasy» ýadygärlik toplumynda «Baky şöhrat», «Ruhy tagzym», «Milletiň ogullary» ýadygärliklerine ter gül desselerini goýdular.

Soňra dabara Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen harby mekdebinde dowam etdi. Bu ýerde dabara gatnaşyjylar ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň soňky döwürde gazanan üstünliklerini, harby talyplaryň, harby okuwçylaryň taýýarlan şekil taslamalaryny, häzirki zaman harby ylym-biliminiň, tehnikanyň gazananlaryny özünde jemleýän sergi bilen tanyş boldular. Watan goragçylarynyň güni mynasybetli geçirilen dabaralar bu harby mekdepde guralan baýramçylyk konserti bilen utgaşdy.

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli dabaralar ýurduň ähli sebitlerinde hem uly ruhubelentlikde bellenilip geçildi.