Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Esenguly etrap merkezinde etrap prokuraturasynyň täze edara binasy dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Bu barada «Balkan» gazeti habar berýär.

Iki gatdan ybarat täze binanyň açylyş dabarasynda medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna hem giň gerim berildi.

Şeýle hem watan goragçylarynyň güni mynasybetli Etrek etrap merkezinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Balkan welaýat gümrükhanasynyň «Altyn asyr» gümrük nokadynyň işgärlerine niýetlenen dört gatly, 2 we 3 otagly, 24 öýli ýaşaýyş jaýy hem dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi.