Turkmenportal logo
Düýn 15:47
99429942
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan BSG-ä agza bolmak üçin gümrük amallaryny döwrebaplaşdyrýar

Türkmenistan Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmaga taýýarlyk görmegiň çäklerinde söwdany ýönekeýleşdirmek üçin gümrük amallaryny döwrebaplaşdyrmak we sanly çözgütleri ornaşdyrmak boýunça yzygiderli ädimleri ädýär. Bu barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet maliýesini jemleýji we ykdysady syýasaty müdirliginiň başlygy Galina Romanowa Aşgabatda geçirilýän BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPEKA) Ykdysady forumynda eden çykyşynda belledi.

«Biziň alyp barýan işlerimiziň iň göze ilýän bölegi söwda amallarynyň ýönekeýleşdirilmegidir. Edil şu ýerde ýokary syýasat biziň serhetlerimizde we ulag geçelgelerimizde işewürligiň gündelik hakyky ýagdaýy bilen utgaşýar. Biz söwdany has çalt we aýdyň edýän gümrük amallaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de sanly çözgütleri ornaşdyrmak boýunça yzygiderli we anyk ädimleri ädýäris» diýip, Romanowa aýtdy.

Ol Türkmenistanyň synçy derejesini alandan bäri, BSG-niň ylalaşyklarynyň milli bähbitlere we ösüşiň uzakmöhletleýin maksatlaryna laýyk gelmegini üpjün etmek üçin olary düýpli öwrenýändigini belledi.