Turkmenportal logo
21.01.26
1340713407
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
AFK «Arkadag» bilen «Al-Nasr» kluby bilen oýnunda «Olimpiýa» stadionyny öý meýdançasy hökmünde resmi taýdan tassyklady

Aziýa futbol konfederasiýasy (AFC) Aşgabatdaky köpugurly «Olimpiýa» stadionyny «Arkadag» futbol klubynyň AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji oýnunda Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparyna garşy öý meýdançasy hökmünde resmi taýdan tassyklady. Bu barada guramanyň metbugat gullugy habar berýär.

45 müň tomaşaça niýetlenen Aşgabadyň Olimpiýa stadiony Merkezi Aziýadaky iň iri sport desgalarynyň biri hasaplanýar. Arena 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde bina edilipdi. Geljekki duşuşyk stadionyň taryhynda geçirilen ilkinji resmi futbol oýny bolar.

Şu wagta çenli «Arkadag» kluby ýaryşyň öý oýunlaryny 10 müň orunlyk Arkadag şäherindäki ady bir stadionynda geçirýärdi.

Şeýle hem AFK Eýranyň klublarynyň oýunlaryny geçirmek bilen bagly karar kabul etdi. «Sepahan» we «Esteglýal» toparlarynyň gatnaşmagyndaky duşuşyklar bitarap meýdançalarda geçiriler, olaryň takyk ýerleri ýakyn günlerde yglan ediler.

AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň oýunlarynyň tertibi:

Günbatar zolak:

«Arkadag» (Türkmenistan) – «Al-Nasr» (Saud Arabystany)

«Al-Zawraa» (Yrak) – «Al-Wasl» (BAE)

«Sepahan» (Eýran) – «Al-Ahli» (Katar)

«Esteglal» (Eýran) – «Al-Husseýn» (Iordaniýa)

Gündogar zolak:

«Pohang Stilýers» (Koreýa Respublikasy) – «Gamba Osaka» (Ýaponiýa)

«Ratçaburi» (Taýland) – «Persib Bandung» (Indoneziýa)

«Bangkok United» (Taýland) – «Makartur» (Awstraliýa)

«Kong An Hanoý» (Wýetnam) – «Tampines Rovers» (Singapur)

Ýaryşyň düzgünnamasyna laýyklykda pleý-off tapgyryna çykan klublar üçin ep-esli pul baýraklary göz öňünde tutulýar. Çärýek finala çykan toparlar 160 müň dollar, ýarym finala çykanlar 240 müň dollar alarlar. Ýaryşyň finalyna çykan klub 1 million dollar gazanar, AFK-2 Çempionlar ligasynyň ýeňijisi bolsa 2,5 million dollar möçberinde baýrak alar.

Ozal Aşgabat şäheriniň häkimligi geljekki oýna biletleriň www.ashgabat.gov.tmresmi saýty arkaly onlaýn satuwynyň başlanandygyny mälim edipdi.