Turkmenportal logo
21.01.26
1157611576
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Çad Respublikasynyň ilçisi ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Çad Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Mahamud Adam Beşir bilen duşuşygy geçirildi. Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy diýlip, ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde gerekli goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Iki ýurduň köptaraplaýyn meýdançalardaky gatnaşyklarynyň oňyn tejribesi bellenildi. Hususan-da, taraplar BMG-niň çäklerinde başlangyçlary özara goldamagy dowam etmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.