«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň çäklerinde iş alyp barýan kärhanalarynyň biri bolan «Nebitdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirligi 2025-nji ýylda ýokary ykdysady görkezijilere eýe boldy. Onuň gazyp alan «gara altynynyň» mukdary 668 müň 654 tonnadan gowrak boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, meýilnamadan daşgary çykarylan nebitiň möçberi 43 müň 664 tonna golaýlady. Müdirligiň nebitçileri degişli meýilnamany 106,99 göterim amal etdiler.
2026-njy ýylyň ilkinji aýynda «Nebitdagnebit» müdirligi ýerasty önümli gatlaklary senagat taýdan özleşdirmekde daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şeýle-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň hyzmat ediş kärhanalary bilen bilelikde uly işleri alyp barýarlar.