Turkmenportal logo
17.01.26
3298832988
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda 2026-njy ýylda aspirantura we ordinatura kabul etmek boýunça ýerler tassyklanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylda aspirantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmek boýunça resminama gol çekdi

2026-njy ýylda aspirantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmegiň meselelerine garaldy. Bu ugurda alnyp barylýan işler barada şu günki sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewanyň hasabatynda bellenildi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamynda kabul edilen maksatnamalary ýerine ýetirmek bilen bagly alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmek, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan inženerleri, tehnologlary, lukmanlary we beýleki hünärmenleri taýýarlamagy üçin ýurduň degişli ministrlikleri hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde degişli işler geçirildi. Bu işleriň netijesinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly şygar astynda geçýän 2026-njy ýylda ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde aspirantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige, kliniki ordinatura kabul etmegiň sany baradaky resminamalaryň meýilnamasy taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda ylym ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigini, alymlaryň we ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna uly ähmiýet berilýändigini belläp, şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylda aspirantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmek boýunça resminama gol çekdi. Şeýle hem wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.