Turkmenportal logo
Düýn 20:27
60336033
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
2025-nji ýylda 10 müňden gowrak türkmenistanly Russiýa girmek üçin elektron wiza aldy
2025-nji ýylda 10 müňden gowrak türkmenistanly Russiýa girmek üçin elektron wiza aldy

Türkmenistanyň 10 müňden gowrak raýaty 2024-nji ýylyň dekabr aýynda ýurduň degişli sanawa girizilen pursadyndan bäri Russiýa girmek üçin bitewi elektron wizany resmileşdirmek mümkinçiliginden peýdalandy. Olaryň 8,5 müňden gowragy wizanyň täze görnüşi bilen Russiýanyň serhedinden geçdi. Bu barada Russiýanyň Aşgabatdaky ilçisi Iwan Wolynkin metbugat üçin geçirilen brifingde habar berdi.

«2024-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistan raýatlary Russiýa girmek üçin bitewi elektron wizany resmileşdirip bilýän ýurtlaryň sanawyna girizildi. Netijede, 2025-nji ýylda bu täze mümkinçilikden 10 müňden gowrak adam peýdalandy. Olaryň 8,5 müňden gowragy täze görnüşli wiza bilen Russiýanyň serhedinden geçdi» diýip, diplomat aýtdy.

Wolynkin şeýle hem wiza işjeňliginiň umumy ösüşini belledi. «Ilçihanamyzyň konsullyk işine degişli bölegine gelsek, 2025-nji ýylda 120 müňden gowrak wiza resmileşdirildi, bu bolsa öňki ýylyň görkezijilerinden has ýokarydyr» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

2025-nji ýylda 10 müňden gowrak türkmenistanly Russiýa girmek üçin elektron wiza aldy | Turkmenportal.com