«Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasynyň Mary gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň zähmetsöýer işgärleri saldamly goşantlaryny goşýarlar. Bu barada «Maru — şahu jahan» gazetinde habar berildi.
Ekspedisiýanyň gidrogeologlary Mary we Lebap welaýatlarynyň çäklerinde ýerasty suwlary gözlemek we barlamak işlerini geçirip, ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlyklaryny hasaplamak, topragyň geoekologiki ýagdaýyny öwrenmek üçin dürli ölçeglerde gidrogeologiki, ekologiki we meliorasiýa maksatly inžener-geologiki barlag we surata almak işleri alyp barýarlar. Şeýle hem Mary we Lebap welaýatlarynyň çäklerinde ýerasty suwlaryň dolanyşygyny we hilini öwrenmek işleri geçirilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mary welaýatyndaky Zähmet, Garabil, Tärimli, Töreşyh, Kälçe, Gündogar Baýramaly, Günbatar Baýramaly, Täze oba, Sandykgaçy, Lebap welaýatynyň Zähmetkeş, Narazym meýdançalarynda buraw we surata almak işleri üstünlikli ýerine ýetirilýär. Şu işleriň netijesinde ýerasty suwlarynyň, mineral-bejeriş suwlarynyň gözlegi, barlagy we gorlaryny hasaplamak işleri geçirilýär.
Şeýle hem ekspedisiýanyň işgärleri Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň çäginde ýerleşýän Bereket ýod zawodynyň buýrmasy boýunça ýod-brom suwlarynyň gözleg işlerini alyp barýarlar.
Mary gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň hünärmenleridir işçileri 2025-nji ýylyň 11 aýynda mehaniki sütünleýin buraw işlerini geçirmegiň meýilnamasyny 111,8 göterim berjaý etdiler. Ekspedisiýanyň hünärmenleridir işçileri tarapyndan suw gorly täze ýataklaryň üstüni açmakda, burawlamakda netijeli işler geçirildi. Mary welaýatynyň çäginde geologiýa-gözleg işleri meýilleşdirilen Hindiguş, Mollanepes, Çaşgyn, Peşanaly atly täze meýdançalarda buraw-gözleg işleri dowam etdirilýär.
