«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň garamagyndaky Böwrideşik gaz käniniň golaýynda ýerleşýän Hazarly meýdançasynda täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy. Bu barada «Nebit-gaz» gazetinde habar berildi.
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Marynebitgazgözleg» ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan bu guýudan bir gije-gündizde 120 müň kub metr möçberinde tebigy gaz çykarmaga mümkinçilik berýän akym alyndy.
«Hazarly — 3» diýip atlandyrylan täze guýy Hazarly meýdançasynda gaz akymy alnan ilkinji guýy bolup, ol ýurduň gaz senagatynda täze mümkinçilikleriň açylýandygyny görkezýär.
