Turkmenportal logo
09.01.26
1681516815
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik yglan edildi
Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik yglan edildi. Bu bäsleşik Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan guralýar. Bäsleşigiň düzgünnamasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň saýtynda çap edildi.

Bäsleşige resminama kabul edilen gününe çenli 35 ýaşy dolmadyk ýaşlaryň özbaşdak ýerine ýetiren ylmy işleri kabul edilýär. Şol bir wagtyň özünde, bäsleşige ozal ýeňiji bolan ýaşlara gatnaşmaga hukuk berilmeýär.

Düzgünnama laýyklykda, ylmy işiň ady 10 sözden köp bolmadyk, sahypasy 35-den az bolmadyk, türkmen dilinde kitap, makala, ylmy işi ýazmagyň kadalaryna (14 şriftde, 1,5 setirarasy, ýokardan we aşakdan 2 sm, çepden 3 sm, sagdan 1,5 sm goýlan, Times New Roman, çykgytly we ş.m. talaplary özünde jemleýän) laýyk gelýän çap görnüşinde hödürlenýär. Ylmy işde döwlet nyşanlarynyň, bezegleriň we peýdalanylan edebiýatlaryň bolmagy hökmandyr.

Bäsleşik üç tapgyrda geçirilýär hem-de şu ýylyň 12-nji iýunynda – Ylymlar güni mynasybetli jemlener.

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilýän bäsleşige hödürlenýän ylmy işler 2026-njy ýylyň 15-nji fewralyna çenli sagat 09:00-dan 13:00-a we 14:00-dan 18:00 aralygynda Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolunyň 104-nji jaýynda, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda – Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan kabul edilýär we ýaşlaryň ylmy işlerine baha berjek seljeriş toparyna iberilýär.

Sorag-jogap üçin telefon belgisi: 44-88-55.