Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ilkinji gezek geçirilýän mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol Türkmenistanyň kanunçylyk-hukuk binýadyny berkitmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, mejlisde döredilen iş toparlarynda häzirki wagtda ýurtda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, migrasiýa baradaky meseleleri kämilleşdirmek, balyk tutmak we suw-geologiýa serişdelerini goramak, şeýle hem ýurdy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunçylyk namalaryny döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işler geçirilýär.
Döwlet Baştutany döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işälp taýýarlamagy möhüm wezipeleriň hatarynda belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.
Soňra wise-premýerler gözegçilik edýän düzümleri boýunça 2026-njy ýylyň iş meýilnamalary barada hasabat berdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, halkara gatnaşyklar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi. Şeýle hem 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullap, wise-premýerlere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

