Sankt-Peterburg şäherinde «Lan: Planeta muzyki» neşirýatynda «Türkmen halk sazynyň kompozisiýa modelleri» atly monografiýa çap edildi. «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, monografiýanyň awtory Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy, saz nazaryýeti kafedrasynyň dosenti, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Ýelena Pawlowna Osipowadyr.
Bu ylmy iş türkmen aýdym-saz folklorynda we dilden-dile geçýän türkmen milli sazynda bar bolan kompozisiýa modellerini öwrenmeklige bagyşlanýar. Gadymy folklor nusgalarynyň mysalynda perdäniň gurluşlarynyň ösüşi, intonasiýa sözlüginiň tertiplenişi we onuň forma dörediji bölekleri yzarlanýar.
Kitabyň aýratyn gyzyklanma döredýän bölümi türkmen milli halk sazynyň 70 sany nota ýazgylarynyň nusgasyny öz içine alýar.
Ý. Osipowanyň monografiýasy häzirki güne çenli türkmen alymlarynyň arasynda türkmen halk sazynyň nazaryýeti bilen baglanyşykly ilkinji ylmy işleriň biridir.
Kitap sazşynaslar, halk aýdym-sazlaryny öwrenijiler, medeniýeti öwrenijiler, mugallymlar we saz okuw mekdepleriniň talyplary, şeýle hem türkmeniň däp bolan milli sazyna gyzyklanma bildirýän giň okyjylar topary üçin niýetlenendir.
Çeşmede bellenilişi ýaly, bir ýyl mundan ozal Russiýanyň şol neşirýatynda zehinli türkmen kompozitory we alymy Suhan Tüýliýewiň «Türkmen sazynyň nazaryýeti» atly monografiýasy çap edilipdi.
Häzirki wagtda «Lan: Planeta muzyki» neşirýaty bilen hyzmatdaşlyga beýleki türkmen sazşynaslary hem çekilýär.

