Turkmenportal logo
06.01.26
2508425084
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
2025-nji ýylda Ak bugdaý we Kaka etraplaryndan 400 maşgala täze obalara göçüp bardylar 
2025-nji ýylda Ak bugdaý we Kaka etraplaryndan 400 maşgala täze obalara göçüp bardylar 

2025-nji ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý we Kaka etraplarynyň ýaşaýjylary täze obalara göçüp bardylar. Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň çäginde döredilen Döwletli mekan, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde Bagtly zamana ýaly täze, döwrebap obalaryň her birine bagtdan paýly maşgalalaryň 400-si göçüp bardy hem-de jaý toýlaryny tutdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäginde bina edilen täze obalarda ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryndan başga-da, 640 orunlyk orta mekdepleriň, 320 orunlyk çagalar baglarynyň, saglyk öýleriniň, söwda merkezleriniň, şeýle-de oba Geňeşliginiň edara binasynyň bardygyny agzamak ýakymly.

2025-nji ýylda Bäherden etrabynyň Bamy obasynyň körpeje ýaşaýjylary üçin 320 orunlyk çagalar bakja-bagy hem açylyp ulanmaga berildi diýlip, habarda bellenilýär.