Sosial ulgamlarda Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň täze Täze ýyl çykyşlaryna Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň köp sanly hoşallykly teswirleri peýda boldy.
Sosial ulgamlary ulanyjylar tansçy-akrobatlaryň çykyşyny işjeň ara alyp maslahatlaşýarlar. Olar sirk arenasynda hakykatdanam joşgun döretmek bilen baýramçylyk ruhuny we şüweleňli şatlyk-şowhuny zala ýetirmegi başardylar.
«Tansçylar ajaýyp çykyş etdiler, diýseň gowy boldy. Uly täsir galdyrdy» - diýip, tomaşaçylaryň biri ýazýar.
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň biri bolsa ýakyn günlerde çagalary bilen tomaşany görmäge gitjekdigini aýdypdyr:
«…Paýtagtymyzyň sirkiniň çykyşy maňa diýseň ýaraýar, men oňa her gün gatnamaga taýýar» — diýip, ol öz pikirini paýlaşypdyr.
Köp adamlar ýanwar aýynda sirkde geçiriljek ähli tomaşalara bilet alandyklaryny ýazýarlar.
«Super! Berekella, oglanlar! Şeýdip dowam ediň! Gaty gowy!» - diýip, tomaşaçylar joşgunly teswirleri bilen sirk artistlerini goldaýarlar.

