Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň gatnaşmagynda uniwersitete kitaplaryň gowşuryş dabarasy geçirildi.
Dabaranyň çäklerinde ilçihana tarapyndan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine 190 sany kitap we okuw gollanma gowşuryldy. Şeýle-hem, Hytaý Halk Respublikasy barada gysga wideo şekilli ýazgy görkezildi. Ýokary okuw mekdebiniň talyplary hytaý dilinde şygyr okadylar. Soňra uniwersitetiň talyplary Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleri bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky talyp alyş-çalyş maksatnamalary hem-de magistratura we doktorantura okuw mümkinçilikleri barada ilçi bilen sorag-jogap alyşdylar.
Dabara gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky taryhy gatnaşyklar, häzirki wagtda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk, ykdysady-söwda, ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň beridiler.
Dabaranyň ahyrynda taraplar özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin diplomatik ýollaryň üsti bilen degişli işleri alyp barjakdyklary barada ylalaşdylar.

