Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda 161 million 835 müň 800 manatlykdan gowrak önüm öndürildi. Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu ýerde 108 göterim ösüş depgininiň üpjün edilendigini aňladýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, ýylyň başyndan bäri bu ýerde dürli görnüşli düz aýnanyň we gaplyk çüýşäniň uly möçberini öndürmäge şert döretdi. Ýerli çig malyň ýokary talaplara laýyklykda gaýtadan işlenilmegi arkaly öndürilen önümler sarp edijilere öz wagtynda, bökdençsiz ugradyldy.

