Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine gatnaşdy hem-de onuň dowamynda birnäçe möhüm başlangyçlar we teklipler bilen birlikde «Merkezi Aziýa – Ýaponiýa» ýaşlar forumyny, «Merkezi Aziýanyň we Ýaponiýanyň zenanlarynyň dialogy» atly hemişelik hereket edýän platformany döretmegi teklip etdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, adam mümkinçiliklerini ösdürmek möhüm ugur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti sammitiň dowamynda ýaşlaryň, talyplaryň we akdemiki toparlaryň gatnaşyklaryny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa – Ýaponiýa» ýaşlar forumyny döretmek başlangyjy bilen çykyş edýändigini aýtdy. Şeýle hem «Merkezi Aziýanyň we Ýaponiýanyň zenanlarynyň dialogy» atly hemişelik hereket edýän platformany döretmegi teklip etdi.
Ýeri gelende bellesek, sammite gatnaşyjylar energiýa serişdelerini ibermegiň durnukly zynjyrlaryny pugtalandyrmak, Hazarüsti halkara ulag geçelgesini ösdürmek, senagat we beýleki ulgamlara emeli intellekt tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, Merkezi Aziýada wodorod energetikasy tehnologiýalaryna maýa goýumlary çekmek, medeni we akademiki alyşmalary ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň jemleri boýunça «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň Tokio Jarnamasy hem-de ykdysadyýet, energetika babatda ministrler derejesindäki Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.

