«Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin Tokioda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen işewürlik duşuşygyny geçirdi. «Palace Hotel Tokyo» myhmanhanasynda guralan duşuşyga Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň, «Mitsubishi Corporation», «Sumitomo Corporation», «Komatsu Ltd.», «Toyo Engineering Corporation», «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.», «Tokyo Boeki Eurasia Limited», «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.», «Sumitomo Heavy Industries Ltd.», «Tohkemy Corporation», «ITOCHU Corporation» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti duşuşygyň başynda türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolan şu duşuşygy guramak başlangyjyny öňe sürendikleri üçin ýapon işewürlerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň ýapon kompaniýalary bilen ozal ýola goýlan we özüni oňat tarapdan görkezen hyzmatdaşlygyň görnüşlerini yzygiderli çuňlaşdyrmagy dowam etdirýändigini, şol bir wagtda-da täze, has iri maksatlara ýetmäge ymtylýandygyny aýtdy. Türkmenistan üçin Ýaponiýa ýokary tehnologik ösüşiň, ykdysadyýete innowasion çemeleşmäniň, senagat ösüşiniň hem-de ekologik jogapkärçiligiň sazlaşykly utgaşmasynyň nusgasy bolup durýar. Biziň ýurdumyz öz ykdysady nusgasyny toplumlaýyn esasda özgertmegiň zerurdygyndan ugur alyp, birnäçe ileri tutulýan ugurda ünsi jemledi. Ösüşiň innowasion strategiýalaryny ornaşdyrmak, senagatlaşdyrmagy çaltlandyrmak, «ýaşyl» geçiş, energetika pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak, şeýle-de milli we halkara ulag-logistika baglanyşygyny ösdürmek şolaryň hataryndadyr.
Hormatly Prezident Türkmenistanda ençeme ýyldan bäri üstünlikli iş alyp barýan ýapon kompaniýalarynyň türkmen ykdysadyýetiniň kuwwatyny artdyrmaga goşýan goşandyna ýokary baha berip, olary agzalan ugurlarda täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge çagyrdy. Aýratyn-da, öňdebaryjy ugurdaş kompaniýalar bilen suw üpjünçiligi, suwy arassalamak, galyndylary dolandyrmak, «ýaşyl» we wodorod energetikasy, ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça anyk teklipler beýan edildi.
Duşuşygyň ahyrynda işewürler döwlet Baştutanynyň Ýaponiýa saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirip, ýapon kompaniýalarynyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mundan beýläk-de tagalla etjekdiklerine ynandyrdylar.

