Ýewraziýa ösüş banky (ÝAÖB) Türkmenistanda öz işini ýola goýmagy göz öňünde tutýar. Bu barada bankyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Nikolaý Podguzow 2025-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan Almatydaky metbugat ýygnagynyň dowamynda belledi diýip, «Trend» ýazýar.
N.Podguzowyň bellemegine görä, häzirki ýylda Ýewraziýa ösüş banky bilen Türkmenistanyň degişli döwlet düzümleriniň arasynda dürli çäreleriň çäginde, hususan-da, türkmen-rus hökümetara toparynyň mejlislerinde birnäçe gepleşikler geçirildi.
«Türkmenistanyň bankyň düzümine girmek mümkinçiligine garamak teklip edilipdi. Mundan ozal men Aşgabada resmi sapar bilen baryp, hökümet wekilleri bilen bu meselä degişli gepleşikler geçirdim. Indi bolsa degişli hereketleri başlamaga mümkinçilik döretmek üçin Türkmenistanyň Hökümetinden resmi jogaba garaşýarys. Bank hem-de onuň paýdarlary tarapyndan Türkmenistanyň bankyň düzümine goşulmak baradaky ädimi doly goldanylýar» diýip, Ýewraziýa ösüş bankynyň ýolbaşçysy nygtady.
Ýeri gelende bellesek, ÝAÖB — agza-döwletleriň ykdysady ösüşine, özara söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň giňeldilmegine hem-de Ýewraziýa giňişligindäki integrasiýa prosesleriniň ösdürilmegine maýa goýumlaryň üsti bilen ýardam bermäge gönükdirilen köptaraply ösüş bankydyr. Häzirki wagtda Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan we Özbegistan bankyň agza ýurtlary hasaplanýar.

