2025-nji ýylda Lebap welaýatynda çykarylan «mawy ýangyjyň» mukdary 21 milliard kub metre golaýlady. Şeýle hem gündogarly nebitgazçylar ýylyň başyndan bäri nebitdir gaz kondensatynyň 440 müň tonnadan gowragyny öndürdiler. Gündogarly gazçylar ýylyň dowamynda «mawy ýangyjyň» 4 milliard kub metrden gowragyny eksporta ugratdylar. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Lebap welaýatynda gaýtadan işlenilen nebitiň mukdary 510 müň tonnadan, öndürilen dizel ýangyjy 120 müň tonnadan, nebit bitumy 22 müň tonnadan, benzin 230 müň tonnadan geçdi.
Şeýlelikde, bu önümçiliklerde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5 göterimden 19 göterime çenli artyş depgini gazanyldy. Şeýle hem şu ýyl welaýatda suwuklandyrylan gazyň 43 müň tonnadan gowragy taýýar edilip, 9 göterimlik ösüş depgini üpjün edildi.
Lebap welaýatynda diňe bir «mawy ýangyjyň» önümçiliginde işler ilerlemän, eýsem, täze döreýän ilatly ýerlere tebigy gaz çekmek boýunça-da netijeli işler alnyp barylýar. «Lebapgazüpjünçilik» müdirligi tarapyndan şu ýyl täze döredilen ilatly ýerlere çekilen gaz geçirijileriň uzynlygy 42,4 kilometrden geçdi. Şunça uzynlygyň 30,8 kilometrden gowragy oba ýerlerinde, 11,6 kilometrden gowragy bolsa şäherlerdir şäherçelerde dörän ilatly ýerlere çekildi.

