Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň oňyn bitaraplygyny çuňňur hormatlaýar we berk goldaýar, şeýle hem sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we ykdysady ösüşi pugtalandyrmak boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyr. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rudyň aýdan sözlerini «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti getirýär.
«Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň hem-de amerikan halkynyň adyndan Türkmenistanyň hökümetini we halkyny BMG tarapyndan ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli iň mähirli gutlaglarymy beýan edýärin» — diýip, diplomat belledi.
Onuň sözlerine görä, Türkmenistan bitaraplygy BMG-niň kararnamasy bilen resmi taýdan ykrar edilen ýeke-täk döwlet bolup, bitaraplygyň dialoga, ynamy berkitmäge we parahatçylygy ilerletmäge ýardam edip biljekdiginiň dünýä derejesindäki nusgasy boldy. Rud Aşgabatda bitaraplyga ygrarlylygyň diňe halkara arenadaky aýgytly orny bilen däl-de, eýsem ynsanperwer başlangyçlary goldaýan anyk işlerde-de öz beýanyny tapýandygyny nygtady.
Ilçi şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň ABŞ bilen birlikde 52 ýurduň raýatlaryna ýaragly dawalaryň zolagyndan çykarmak işlerinde netijeli ýardam edendigini ýatlatdy. Noýabr aýynda bolsa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasy güýçli ýer titremeden ejir çeken Owganystanyň ýaşaýjylaryna ynsanperwer kömegini berdi.
«Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Türkmenistan ykdysady we medeni gatnaşyklary giňeltmek arkaly gülläp ösüşe, parahatçylyga we ösüşe çuňňur ygrarlydyr» — diýip, Rud aýtdy. Ol «C5+1» we «B5+1» işewürlik forumy ýaly platformalaryň Merkezi Aziýada ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy we sebitleýin durnuklylygy berkitmekde ähmiýetini belledi.
Diplomat Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Türkmenistanyň geljekki gatnaşyklaryna oňaýly garaýandygyny beýan edip, bu möhüm sene mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy hem-de türkmen halkyny gutlady.
